Türkiýäniň ilaty 79 million 814 müň 871 adama ýetdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ilat bilen bagly hasabat çap etdi

662259
Türkiýäniň ilaty 79 million 814 müň 871 adama ýetdi

Hasabata görä 2015-nji ýylda 78 million 741 müň 53 bolan ilatyň sany 2016-njy ýylda 1 million 73 müň 818 adam artdy.

Ilatyň erkek bölegi 50,2 göterim ýagny 40 million 43 müň 650 bolsa, ilatyň zenan bölegi 49,8 göterim ýagny 39 million 771 müň 221 adama ýetdi.

Türkiýede ilatyň artyş tizligi 2015-nji ýylda 13,4 göterim, 2016-njy ýylda 13,5 göterime ýokarlady.

Welaýat we etrap merkezlerinde ýaşaýan ilatyň sany 2015-nji ýylda 92,1 göterim bolan bolsa, 2016-njy ýylda şol dereje 92,3 göterim hökmünde belliklere alyndy.

Ýurdyň oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň sany bolsa 7,7 göterim hökmünde sanawa alyndy.



Degişli Habarlar