Mewlüt Çawuşogly Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Argentina, Paragwaý, Dominikan Respublikasy we Meksikany öz içine alýan Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

661444
Mewlüt Çawuşogly Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Ministr Çawuşoglynyň Günorta Amerika saparynyň ilkinji duralgasy Argentina bolar. Çawuşoglynyň Argentina sapary 2010-njy ýylda 100 ýyl dolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarda 19 ýyl arakesmeden soň, ýurda Daşary işler ministr derejesinde guralan ilkinji sapar aýratynlygyna eýe bolar.

Iki ýurduň arasynda söwda, syýahatçylyk, medeniýet we bilim ýaly ugurlary öz içine alýan ençeme ylalaşyk gazanyldy. 2011-nji ýylda bolsa Howa aragatnaşyk şertnamasyna, Magdan ugrunda hyzmatdaşlyk memorandumyna we Doplmatik akademiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekildi.

Çawuşoglynyň saparynda Türkiýäniň we Argentinanyň arasynda Gümrük babatynda hyzmatdaşlyk we Ikitaraplaýyn arkalaşyk şertnamalaryna gol çekişiler.

Ministr Çawuşoglynyň Argentina saparyndan soň Paragwaýa geçer. Paragwaý sapary Türkiýeden ol ýurda Daşary işler ministr derejesinde guralan ilkinji sapar bolar.

Saparda Türkiýäniň we Paragwaýyň arasynda Ikitaraplaýyn howa aragatnaşygy we Dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylar.

Çawuşoglynyň Günorta Amerika saparynyň 3-nji duralgasy bolsa Dominikan Respublikasy bolar. Sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we sebitleýin guramalardaky hyzmatdaşlyk mümkiçilikleri ele alynar.

Daşary işler ministri Çawuşogly Günorta Amerika saparyny 3-nji fewralda Meksika gurajak sapary bilen tamamlar. Meksika Türkiýäniň Amerika materigindäki ilkinji strategik hyzmatdaş aýratynlygyna eýe.



Degişli Habarlar