Prezident Erdogan Tanzaniýada saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Gündogar Afrika saparynyň ilkinji duralgasy Tanzaniýa bardy

656933
Prezident Erdogan Tanzaniýada saparda bolýar
cumhurbaşkanı tanzanya işadamları.jpg
cumhurbaşkanı tanzanya halk.jpg

Prezident Erdogany paýtagt Darussalamdaky Julius Nýerere halkara howa menzilinde Tanzaniýanyň Premýer ministr Kassim Mažaliwa, Türkiýäniň Tanzaniýadaky ilçisi Ýasemin Eralp we ilçihananyň wekilleri tarapyndan garşylandy.

Türkiýäniň Prezidenti ellerinde Türkiýäniň we Tanzaniýanyň baýdaklary bilen öňünden çykan çagalar bilen söhbet etdi.

Prezident Erdogan ondan soň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan guralan maslahatda türk işewür adamlar bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen maslahata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Ömer Jihad Wardan bilen köp sanda işewür adam gatnaşdy.

Resmi duşuşyklar bolsa şu gün başlar.

Tanzaniýanyň Prezidenti Jon Pombe Jozef Magufuli Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogany Ikulu köşgünde resmi dabara bilen garşylar.

Ilki bilen liderler ikiçäk soňra bolsa toparara gepleşikler geçirerler.

Dürli-dürli şertnamalara gol çekiljek maslahatdan soň metbugat ýygnagy geçiriler.

Erdogan we Magufuli Işewür maslahata ýolbaşçylyk ederler.

Prezident Erdogan Tanzaniýa saparyndan soň Mozambike sapar gurar.



Degişli Habarlar