Türkiýäniň Prezidenti Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Afrika ýurtlaryndan Tanzaniýa, Mozambike we Madagaskara sapar gurar

651979
Türkiýäniň Prezidenti Afrika ýurtlaryna sapar gurar

22-25-nji ýanwar aralygynda gurajak saparynyň gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk we Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugynyň (TIKA) durmuşa geçiren we dowam edýän taslamalary bar.

Erdogan Afrika saparyny Tanzaniýa gurajak sapary bilen başlar.

TIKA-nyň Tanzaniýada sil apaty sebäpli kynçylyk çeken adamlara ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi, Nsikita Ngaziýa metjidiniň abatlanmagy we göz keselleriniň operasiýasy ýaly ugurlarda goldaw berýändigi bilinýär.

Erdogan Tanzaniýa saparyndan soň Mozambike geçer.

Ýurduň Prezidenti Filipe Nýusi bilen duşuşjak Erdogan TIKA-nyň Mozambikde durmuşa geçiren taslamalary bilen tanyş bolar.

TIKA ozal oba-hojalyk önümleriniň bazardaky düzgünleriniň ýola goýulmagy we öndürijiligiň ýokarlandyrylmagy maksady bilen Mozambikiň Senagat we söwda ministrligi tarapyndan gurulýan Mozambik Emtia biržasyna 4 oba-hojalyk ulagyny beripdi.

Mozambikiň Prezidenti Filipe Nýusi 2014-nji ýylda Türkiýedäki Prezident saýlawlarynda Erdoganyň Malatýada geçiren mitingine tomaşa edip, ünsleri özüne çekipdi.

Erdoganyň Afrikadaky soňky duralgasy bolsa Madagaskar bolar.

Prezident Erdogan we Madagsakaryň Prezidenti Hery Rajaonarimampianina ozal Stambulda geçirilen BMG-nyň Bütindünýä Ynsanperwer guramasynda ikiçäk duşuşyk geçiripdiler.

TIKA esasan hem 2009-njy ýylda başlan we 2013-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen saýlawlara çenli dowam eden wagtlaýyn hökümet sebäpli emele gelen krizis döwründe Madagaskara goldaw beripdi.



Degişli Habarlar