Çawuşogly Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Çawuşogly bilen Lawrow 23-nji ýanwarda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek maslahatyň taýarlyklary hakynda hem pikir alyşdy

652560
Çawuşogly Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýe Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin tagalla edýär.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şol çäkde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň dowam etdirilmegi we  asuda ilata ynsanper kömeginiň berilmegi meselesindäki soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Çawuşogly bilen Lawrow 23-nji ýanwarda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek maslahatyň taýarlyklary hakynda hem pikir alyşdy.

Astana gepleşiklerine siriýaly oppozisionerleriň we siriýanyň hökümetiniň wekilleri bilen birlikde Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň we ABŞ-nyň wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar.


 

 



Degişli Habarlar