“Başikadaky türk esgerler Mosul DAIŞ-den saplanýança çenli ol ýerde bolar”

Fikri Yşyk Kyrykkalede metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

649047
“Başikadaky türk esgerler Mosul DAIŞ-den saplanýança çenli ol ýerde bolar”

Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk türk esgerleriniň Yragyň Mosul şäheriniň terror guramasy DAIŞ-den saplanýança çenli Başika bazasynda galjakdygyny belläp: “Sebitiň ähli ýeri DAIŞ-den saplananyndan soň, Türkiýe we Yrak Başik bazasy barada gepleşikler geçirer” diýdi.

Fikri Yşyk Kyrykkalede metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Fikri Yşyk: “Mosulyň DAIŞ-den saplanmagy Yrak ýaly Türkiýe üçin hem wajyp. Başikada türk esgerleriniň bolmagy örän möhüm. Häzirki wagta çenli terror guramasy DAIŞ-e agza 700 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Ministr Yşyk sebitiň terrorçylardan saplananyndan soň yrakly resmiler bilen Başika bazasy babatynda ýaňadandan gepleşikleriň geçiriljekdigini habar berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda Yraga sapar guran Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem türk esgerleriniň Başikadaky barlygyny dowam etdirjekdigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar