Talyplar sürüjisiz ulag oýlap tapdy

Türkiýäniň Bursa welaýatynda liseý okuwçylary goranyş senagatynda peýdalanmaga amatly ulag oýlap tapdy

644987
Talyplar sürüjisiz ulag oýlap tapdy

Gözleg, bomba ýok etmek, minadan saplaýyş işlerinde peýalanylyp bilinjek “Kapgan Ewo” atly ulaga ýarag ulgamlary hem ornaşdyrlyp bilinýär.

“Kapgan Ewo” sürüjisiz ulagy Bursa welaýatynyň Ali Osman Sönmez adyndaky hünärmen we tehniki liseýinin okuwçylar tarapyndan goranyş senagatynda peýdalanylmak üçin oýlanyp tapyldy.

Taslamasy 2 ýyl ozal başlan “Kapgan Ewo” ulagy üstündäki ýarag platformasy we bomba ýarmakda peýdalanylýan serişdesi bilen goranyş senagatynda möhüm başlangyç eder.

Özboluşlygy taýdan kämilleşdirilmäge ukply bolan taslama gatnaşan halkara taslama we robot bäsleşiklerinde-de baýraklara mynasyp boldy.



Degişli Habarlar