Stambuldaky hüjüm kim we näçe adam tarapyndan guraldy?

Stambulda täze ýyl gijesi guralan we 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümiň jikme-jikligi ýüze çykmaga dowam edýär

645859
Stambuldaky hüjüm kim we näçe adam tarapyndan guraldy?

Hüjümçiniň kömek alyp-almandygy baradaky öňe sürmeler derňelýär.

Geçirilen derňewe görä täze ýyl gijesi Zeýtinburnundan taksi ulagyna münen terrorçynyň sumkasy boşdy.

Hüjümçi gijeki klubynyň golaýyndaky Kuruçeşme diýilen ýerde özüne kömek eden adamlar bilen duşuşyp, olardan ýarag we ok-däri aldy.

Soň bolsa terrorçylykly hüjümi gurady.

Polisiýa gullugy hüjümi birnäçe adamyň guran bolmagynyň ähtimaldygyny belleýär.

Hüjümçiniň Zeýtinburnunda galan öýünde geçirilen derňewde 28-nji dekabrda Taksimde gezelenç eden wagty alynan wideosy bilen başgada birnäçe delil tapyldy.

Wideoda terrorçy töweregi göni ýaýlym arkaly guramanyň merkezindäkilere görkezdi. Wideo seredýänler bolsa hüjümçiniň yzarlanyp-yzarlanmaýandygyny gördüler.

Terrorçynyň wakadan soň tiz kömek ulagy bilen hassahana iberilen adamlaryň arasyna girendigi we şol wagt kluba giren polisiýa işgärlerine içeride zamun alynanlaryň bardygyny aýdandygy çak edilýär.

Hüjümçi gijeki klubyň golaýyndaky ulag parkynda kameralarda görülýär.

Hüjümden 30 minut soň bolsa terrorçy töwerekdäki adamlary görmäge synanyşýar.

Kamerada terrorçynyň ulag parkynyň işgäri bilen gürrüňdeş bolýandygyny hem görüp bolýar.



Degişli Habarlar