Erdogan: “Türkiýe täze bir garaşsyzlyk göreşini alyp barýar”

Twitter arkaly halka ýüzlnenen Prezident Erdogan terror hüjümleriniň maksadynyň halky biri-birine duşman etmekden ybaratdygyna ünsi çekdi

644508
Erdogan: “Türkiýe täze bir garaşsyzlyk göreşini alyp barýar”

R.T.Erdogan halka: “Bu göreşde ýeňilsek ýüz ýyl ozal hötdesinden gelinip bilinmedik Sewr duzagy ýaňadandan öňümize getiriler” diýip ýüzlendi.

Prezident R.T.Erdogan ýüzlenmesinde şeýle diýdi: “Şu günki günde Türkiýe täze bir garaşsyzlyk göreşini alyp barýar. Bu göreşde üstün çyksak 2023-nji ýyla çenli döwür üçin maksatlarymyza-da ýeteris. 2053 we 2071-nji ýyllara çenli döwür üçin meýilnamalaryny taýarlarys. Eger ýeňilsek 100 ýyl ozal hötdesinden gelinip bilinmedik Sewr duzagy ýaňadandan öňümize getiriler. Ýurdumyza guralýan hüjümleriň esasy maksady düzgün-nyzamymyzy bozmakdan ybarat, duýgularymyzy akymyzdan öňe geçirmekdir, bizi biri-birimize duşman etmekdir. Ähli raýatlarymyz, jogapkärçilikli her bir adam meselä şu nukdaý nazardan çemeleşmeli, sözüni, hereketini şoňa görä etmeli. Bu topraklarda ýok bolmazlygyň syry ähli tapawutlyklara garamazdan umumy watan we millet düşünjesini gurup bilmekdir. Alla ýol berse we halkymyzyň goldawy bilen ýurdumyza garşy hüjümleri yzyna serpikdirjek güýje eýe.”

 



Degişli Habarlar