Çawuşogly bilen Guterres sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar

Mewlüt Çawuşogly şu gün Nýu Ýorkda BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşar

644783
Çawuşogly bilen Guterres sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň täze Baş serkeraty Antonio Gutrres bilen duşuşmak üçin ABŞ-na gitdi.

Mewlüt Çawuşogly şu gün Nýu Ýorkda BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşar.

Çawuşogly bilen Guterres sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Antonio Guterres 1-nji ýanwarda Pan Gi Mundan BMG-nyň Baş sekretary wezipesini kabul edip alypdy.

Portugaliýaly syýasatçy BMG-nyň 9-njy Baş sekretary Guterres 1995-2002-nji ýyllaryň aralygynda Portugaliýanyň premýer ministri, 2005-2015-nji ýyllarda BMG-nyň Bosgunlar  boýunça ýokary komisary wezipesini ýerine ýetirdi.

Guterres 5 ýyl möhlet bilen BMG-nyň 9-njy Baş sekretary  wezipesini ýerine ýetirer.

 



Degişli Habarlar