Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Yraga sapar gurar

Dekabr aýynda hem Prezident R. T. Erdogan Yragyň Premýer ministri Haýdar Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we iki taraply gatnaşyklar bilen terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy

642898
Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Yraga sapar gurar

 

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym ýanwar aýynyň 5-6-sy aralygynda Yraga gurajak saparynyň çäginde ilki paýtagt Bagdatda Yragyň Premýer ministri Haýdar Abadi bilen duşuşar.

Premýer ministr Ýyldyrym soň bolsa Erilde Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen duşuşar.

Soňky gezek 2014-nji ýylda döwrüň Premýer ministri Ahmet Dawutogly Bagdatda we Erbilde saparda bolupdy.

Soňky döwürde Yrak bilen Türkiýäniň arasynda Mosulyň golaýyndaky Başika düşelgesinde türk esgeriniň iş alyp barmagy sebäpli emele gelen dartgynlygyň çözülmegi üçin gepleşikler geçirildi.

2016-njy ýylyň maý aýynda bolsa Yrak 5 aýdan soň Ankara ilçi belledi.

Emma 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ýaňadandan dartgynlyk ýüze çykdy. 1-njy oktýabrda jemlenşen TBMM-de Yraga we Siriýa serhetaşa operasiýa guralmagy hakyndaky ygtyýarnamanyň möhledi 2017-nji ýyla çenli uzadyldy.

Türk esgeriniň Başikada iş alyp barmagyna garşy çykan Yragyň Parlamenti bolsa 5-nji oktýabrda türk esgeriniň Başikadan aýrylmagyny isledi we gatnaşyklar ýene-de dartgynlaşdy.

Türkiýe Mosulyň terror guramasy DAİŞ-den halas edilmegi hakyndaky operasiýa bilen ýakyndan gyzyklanýar we Mosulyň demografik gurluşynyň üýtgemegine alada bildirýär.

Mosul Yragyň iň uly 3 şäherinden biri we 2014-nji ýylyň iýun aýynda terror guramasy DAİŞ şäheri ele geçirdi.

Dekabr aýynda hem Prezident R. T. Erdogan Yragyň Premýer ministri Haýdar Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we iki taraply gatnaşyklar bilen terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar