DAIŞ-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab hem çaknyşyklarda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilendigini mälim etdi

643740
DAIŞ-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy maksady bilen Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde 24-nji awgustda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynda terror guramasy DAIŞ-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri tarapyndan berlen beýanata görä,  Al Babyň ele geçirilmegi üçin gury ýerden we howadan guralýan hüjümler dowam edýär.

Operasiýanyň 134-nji gününde DAIŞ-e degişli 104 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Çaknyşyklarda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab hem çaknyşyklarda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilendigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar