Stambulda terrorçylykly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 39 adam ýogaldy, 65 adam ýaralandy

641678
Stambulda terrorçylykly hüjüm guraldy

Stambulyň Ortaköý diýilen ýerinde gijeki kluplaryň birinde guralan terrorçylykly hüjümde 39 adam ýogaldy, 65 adam ýaralandy.

Hüjümi Aýaz baba eşigini geýen bir adamyň gurandygy mälim edildi.

Hüjümçiniň hüjümden soň eşigini çalyşyp, klubyň içindäki adamlar bilen bilelikde gaçandygy habar berildi.

Stambulyň gubernatory Wasip Şahin hüjüm bilen baglanşykly beren beýanatynda terrorçynyň uzyn nilli ýaragy bilen ilki bilen gapynyň agzynda duran 1 polisiýa işgärini we ýenede 1 adamy öldürendigini we ondan soň klubyň içine girip wagşylyk bilen ol ýere gelen adamlary elindäki ýaragy bilen öldürmäge başlandygyny belledi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hüjümi guran terrorçyny tussag etmek üçin operasiýa başladylandygyny habar berdi.

Ýogalan 20 adamyň şahsyýetiniň anyklanandygyny, olaryň 15-iniň daşary ýurtlydygyny aýdan Soýlu şahsyýeti anyklamak işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag Içeri işler ministri bilen bilelikde ýaralanan adamlary görmek üçin hassahana bardylar, hassahanada bejergi astyna alynan 4 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.

Rejep Akdag ýaralanan adamlaryň arasynda köp sanda daşary ýurtly raýatyň bardygyny habar berdi.

Prezident R.T. Erdogan hem terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly resmilerden maglumat aldy.

Erdogan Premýer ministr Binali Ýyldyrym, Stambul welaýatynyň häkimi Wasip Şahin we Stambulyň Respublikan Baş prokurory Irfan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Waka sebäpli gynanç bildiren Prezident Erdogan ýogalan we ýaralanan adamlar barada maglumat aldy.


Etiketkalar: #Erdogan , #Rejep Akdag , #Stambul , #waka

Degişli Habarlar