Çawuşogly: “Russiýa bilen Siriýa meselesinde gazanylan ylalaşyk güýje girip biler”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýa bilen Siriýa meselesinde gazanylan hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň gysga möhletde güýje girip biljekdigini aýtdy

639605
Çawuşogly: “Russiýa bilen Siriýa meselesinde gazanylan ylalaşyk güýje girip biler”

Ministr Çawuşogly Prezidentiň kompleksinde geçirilen “Medeniýet we sungat baradaky uly baýraklaryň” gowşurlyş dabarasynda ylalaşyk meýilnama barada beýanat berdi.

Siriýa meselesinde iki ylalaşygyň taýardygyny aýdan Çawuşogly, şolardan biriniň syýasy çözgüt, beýlekisiniň bolsa hüjümleriň bes edilmegi baradadygyny nygtady.

Daşary işler ministri: “Siriýada hüjümleriň hemişelik bes edilmegine we syýasy çözgüde golaýlaşdyk” diýdi.

Hüjümleriň Siriýanyň ähli ýerinde bes edilmegini isleýändiklerini aýdan ministr Çawuşogly, Türkiýäniň Siriýa meselesindäki pozisiýasynyň üýtgemändigini we syýasy çözgüdiň iň gowy alternatiwdigini ýenede bir gezek nygtady.

Geljek aý Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek Siriýa boýunça gepleşikler barada-da durup geçen Çawuşogly: “Terror guramalary gepleşiklere degişli bolmaz. Gepleşiklerde ekstremist terror guramasy PKK-nyn Siriýadaky bölümi PÝD gatnaşmaz” diýdi.

Ministr Çawuşogly Türkiýäniň ÝPG we DAİŞ-e garşo göreşiniň dowam etjekdigini hem aýtdy.

Daşary işler ministrligi hem Siriýada hüjümleriň bes edilmegi boýunça Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň ylalaşandygyny, Siriýada ylalaşygy bozanlaryň jezalandyryljakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar