"Türkiýe terrora garşy göreşde taryhyň iň kyn pursatlaryny başyndan geçirýär'

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan: "Men polisiýa işgärlerimiziň, esgerlerimiziň, obanyň goragçylarynyň we bu milletiň terrory bir we jebis bolup ýok etjekdigine ynanýaryn" diýdi

636133
"Türkiýe terrora garşy göreşde taryhyň iň kyn pursatlaryny başyndan geçirýär'

R. T. Erdogan Şehitlere hormat goýmak atly futbol duşuşygyndan ozal eden çykyşynda: "Türkiýe terrora garşy göreşde taryhyň iň kyn pursatlaryny başyndan geçirýär. Terror guramalary gözlerine gan dolduryp. öňlerine çykan ähli adamlary gyrmaga, janlaryny ýakmaga, göz ýaşlaryny dökdürmäge tagalla edýär" diýdi.

Prezident Erdogan: "Men polisiýa işgärlerimiziň, esgerlerimiziň, obanyň goragçylarynyň we bu milletiň terrory bir we jebis bolup ýok etjekdigine ynanýaryn" diýen Erdogan: "Her bir ýyldyz bir şehitdir, baýdaklary baýdak eden üstündäki watandyr, toprak eger ugrunda ölen bar bolsa watandyr. 780 müň inedördül kilometrde bir watan. Günorta-gündogarda bular ýaly boljakmyş, başga bir ýerde başga hili boljakmyş diýilen zat bolmaz. Jogabyny berersiňiz we häzirki wagtda hem berýärsiňiz" diýdi.

 



Degişli Habarlar