"Karlowa garşy guralan hüjümiň arkasynda kimiň ýada kimleriň bardygyny hökmany suratda anyklarys"

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk rus kärdeşi Sergeý Soýgu bilen duşuşdy

634853
"Karlowa garşy guralan hüjümiň arkasynda kimiň ýada kimleriň bardygyny hökmany suratda anyklarys"

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlowa garşy guralan ýaragly hüjümiň arkasynda kimiň ýada kimleriň bardygyny hökmany suratda anyklajakdyklaryny aýtdy.

Siriýa krizisi we Halapdaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşmak üçin Moskwa giden Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk rus kärdeşi Sergeý Soýgu bilen bolan duşuşygynda ýaragly hüjüm netijesinde ýogalan ilçi Karlow üçin gynanç bildirdi.

Hüjümi “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendiren Yşyk hüjüm bilen arabaglanşykly maglumatlary Russiýa bilen paýlaşjakdyklaryny aýtdy.

Ministr Yşyk “Siriýa krizisi we Halapdaky ýagdaý hakyndaky gepleşiklerimiz şol meseleleriň çözülmegi bilen birlikde türk-rus gatnaşyklarynyň ösmegine hem itergi berer” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar