Premýer ministr Ýyldyrym rus kärdeşine ýaragly hüjüm sebäpli türk halkynyň adyndan gynanç bildirdi

"Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýän döwründe ilçisi Andreý Karlowyň janyna kast edilmeginiň tötänlik däl"

634004
Premýer ministr Ýyldyrym rus kärdeşine ýaragly hüjüm sebäpli türk halkynyň adyndan gynanç bildirdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýän döwründe Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlowyň janyna kast edilmeginiň tötänlik däldigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym düýn agşam ilçi Karlowyň janyna kast edilmeginden soň Russiýanyň Premýer ministri Dimitri Medwedew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Premýer ministr Ýyldyrym rus kärdeşine ýaragly hüjüm sebäpli türk halkynyň adyndan gynanç bildirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde bu wakanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary bozup bilmejekdigini nygtady.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym “Terrorçylykly hüjümiň arkasynda kimleriň bardygyny doly anyklarys”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar