PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýada terrorçylar tarapyndan ulanylan 24 gaçybatalga hatardan çykaryldy

633456
PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Dekabr aýynyn 12-19-y aralyğynda ýurdun içinde guralan operasiýalarda terror guramasy PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrligi tarapyndan berlen maglumata görä, terror guramasy PKK/KJK-a garşy 45 welaýatda guralan operasiýada terror guramasyna goldaw berýändigi anyklanylan 924 adam göz tussaglygyna alyndy.

Terror guramasyna garşy türk ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlar tarapyndan hem 213 operasiýa guraldy.

Operasiýada terrorçylar tarapyndan ulanylan 24 gaçybatalga hatardan çykaryldy.

Daşary ýurtly terrorçylara garşy guralan operasiýada bolsa DAİŞ-e agza 5 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar