Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýada saparda boldy

Saparyň gün tertibinde Siriýadaky soňky ýagdaý we esasan hem Halapdaky adamzat pajygasy meselesi esasy orun eýeledi

625194
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýada saparda boldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýa guran resmi saparynyň çäginde paýtagt Moskwada Prezident Wladimir Putin we Premýer ministr Premýer ministri Medwedew bilen duşuşdy.

Saparyň gün tertibinde Siriýadaky soňky ýagdaý we esasan hem Halapdaky adamzat pajygasy meselesi esasy orun eýeledi.

Halapda başdan geçirilýän pajyganyň gysga wagtdan ortadan aýrylmagynyň we Halaba ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň ähmiýetlidigini nygtan Ýyldyrym, munyň üçin Russiýa we Türkiýe hökmünde tagalla edýändiklerini aýtdy.

Siriýa ornaşan terror guramalarynyň bardygyny aýdan Russiýanyň Premýer ministri Medwedew hem Siriýada durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Medwedew bilelikdäki maýa goýum gaznasynyň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym saparynyň çäginde rus lideri Wladimir Putin bilen hem duşuşdy.

1 sagat 15 minut dowam eden duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Premýer ministr Ýyldyrym “Oba hojalyk, syýahatçylyk, transport, söwda, senagat ýaly birnaçe ugurdaky maýa goýumlaryň artdyrylmagy üçin tagalla ederis” diýdi.

Ýyldyrym-Putin duşuşygy hakynda Kreml tarapyndan berlen beýanatda “Putin Erdoganyň Türk akymy taslamasyna berýän goldawyndan minnetdar. Premýer ministr Ýyldyrymyň Moskwa guran sapary gatnaşyklaryň ösmegine itergi berer” diýildi.

 



Degişli Habarlar