Şu gün 24-nji noýabr Mugallymlar güni

Döwlet ýolbaşçylary hem Mugallymlar güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

616655
Şu gün 24-nji noýabr Mugallymlar güni

         Prezident R.T.Erdogan ýüzlenmesinde Türkiýänin 2023-nji ýyla çenli döwür üçin öňde goýlan maksatlarynyň diňe düşünjeli, tejribeli, milli we ruhy gymmatlyklary özleşdiren nesiller bilen iş ýüzüne geçip biljekdigini nygtady.

         Ylym we bilim maksatnamasynyň ýaňadandan seljerilmelidigini beýan eden Erdogan: Çagalarymyz uzak ýyllaryň dowamynda syýasy we ideplogik taýdan bir tipleşdiriji bilime sezewar edildi” diýdi.

         Erdogan ýüzlenmesinde: “Maňa bir harp öwredene kyrk ýyl gul bolaryn” sözünde beýan edilýän däbiň wekilleri hökmünde biz, mugallymlarmyza bolan minnetdarlygymyzy elmydama dowam etdireris. Ýurdumyzyň çetki etraplarynda dürli kynçylyklara garamazdan pidakärlik bilen işleýän mugallymlarymyzy goldamaga, olaryň iş şertlerini has-da gowulandyrmaga dowam ederis” diýdi.

         Ýüzlenmesinde mugallymlaryň ýurduň galkynyşynda eýeleýän pozisiýasyna üns çeken Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa: “24-nji noýabr Mugallymlar güni mynasybetli ähli mugallymlara minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

         Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy İsmail Kahram bolsa ýüzlenmesinde: “İlkinji buýrugy “oka” diýýän ynanja degişli adamlar hökmünde okan kitaplarymyzda paýy bolan mugallymlarymyza ýalkymly salam” diýdi.

         Milli bilim ministri Nabi Awjy bolsa ýüzlenmesinde “pidakärlige” ünsi çekdi.

         Ministr Awjy: “Mugallymlar adam ýetişdirýän, şol bir wagtda-da medeniýeti gurýan öňbaşçylardyr” diýdi.



Degişli Habarlar