PKK-nyň we PÝD-niň liderleriniň tussag edilmegi barada karar kabul edildi

Aýralykçy terror guramasy PKK bilen guramanyň Siriýadaky goly PÝD-niň liderleriniň tussag edilmegi barada karar kabul edildi

615499
PKK-nyň we PÝD-niň liderleriniň tussag edilmegi barada karar kabul edildi

Paýtagt Ankarada şu ýylyň 17-nji fewralynda harby gullukçylary daşaýan awtobusyň nyşana alynan we 37 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň çäginde kabul edilen karara laýyklykda ganhor guramanyň liderleri Jemil Baýyk, Murat Karaýylan we Fehman Hüseýin tussag edilmeli.

Tussag edilmek bilen baglanşykly kabul edilen kararda aýralykçy terror guramasynyň Ýewropadaky ýolbaşçylary Zübeýir Aýdar we Remzi Kartal we PÝD-niň lideri Salih Müslimiň hem ady bar.

Karara laýyklykda jemi 48 terrorçy tussag edilmeli.



Degişli Habarlar