PKK-a garşy guralýan operasiýalarda 41 terrorçy tärisiz ýagdaýa getirildi

50 gaçybatalga hem hatardan çykaryldy.

614726
PKK-a garşy guralýan operasiýalarda 41 terrorçy tärisiz ýagdaýa getirildi

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalarda 41 terrorçy tärisiz ýagdaýa getirildi.

İçeri işler ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, ýurduň çar tarapynda guralýan operasiýalarda soňky 1 hepde-de 15-i öli, 3-i ýaraly, 4-i sag we 3-i boýun egmek bilen jemi 25, harby uçarlar tarapyndan guralan operasiýalarda bolsa 16 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendi nygtaldy.

221 operasiýada terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddalary täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalarda  terrorçylar tarapyndan ulanylan 50 gaçybatalga hem hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda terror guramasyna ýardam berýändigi öňe sürlen 394 adam hem göz tussaglygyna alyndy.

 



Degişli Habarlar