Bingölde PKK-a garşy operasiýada howpsyzlyk güýjinden bir esger şehit boldy

Bingöl welaýatynyň Genç etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy operasiýada howpsyzlyk güýjinden bir adam şehit boldy

605967
Bingölde PKK-a garşy operasiýada howpsyzlyk güýjinden bir esger şehit boldy

Bingölde dowam etdirilýän operasiýada howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy.

Ýüze çykan çaknyşykda terrorçylaryň ot açmagy netijesinde agyr ýaralanan esger alynyp gidilen Genç döwlet hassahanasynda ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Beýleki tarapdan bolsa Türk Ýaragly güýçleri tarapyndan Tunjeli welaýatynda dowam etdirilýän operasiýada ilkinji kesgitlemelere görä 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri aýralykçy terror guramasy PKK garşy Yragyň demirgazgyndaky Zap sebitine howa hüjümi gurady.

Howa hüjümlerinde terrorçylara degişli 2 sany gaçypatalga, ýarag we ok-däri doly ammar dolulygyna ýok edildi.


Etiketkalar: #Bingöl , #welaýat , #Tunjeli , #PKK , #Zap , #Yrak , #Genç

Degişli Habarlar