Ýewfrat galkany operasiýasynyň başlamagyna 76 gün boldy

Ýewfrat galkany operasiýasy Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladyldy

605178
Ýewfrat galkany operasiýasynyň başlamagyna 76 gün boldy

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 76-njy gününde terror guramasy DAIŞ-e agza 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, ýaragly ulag we zenit ýaragy hatardan çykaryldy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilýän maglumata görä terror guramasy DAIŞ-e degişli 58 we terror guramasy PKK/PÝD degişli 1 ýer nyşana alynyp hüjüm guraldy. Terror guramalaryna degişli gaçypatalgalar, söweşjeň liniýalar, binalar, ýaragdyr ulaglar ýok edildi.

Hyzmatdaş güýçler tarapyndan bolsa Şabwyran sebitindäki DAIŞ-e degişli ýerlere 4 howa hüjümi guraldy. Operasiýalarda 1 terrorçy öldürildi, 1sany ýaragly ulag we 1 sany zenit ýaragy hatardan çykaryldy.

Terror guramasy DAIŞ-den basylyp alynan ýerlerde ýene-de 36 mina we elde ýasalan 443 sany partlaýjy gözegçilik astynda ýok edildi.

Türkiýäniň Siriýa serhedinde ýaragly uçarmansyz howa ulagy gözegçilik uçuşlaryny ýerine ýetirýär.



Degişli Habarlar