Diýarbakyrdaky partlamada 8 adam şehit boldy

Hüjümde 1 tonnadan gowrak partlaýjy maddanyň ulanylandygy anyklandy

603904
Diýarbakyrdaky partlamada 8 adam şehit boldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Diýarbakyryň Içeri işler müdürliginiň Baglar etrabyndaky goşmaça binasynyň golaýynda guralan bombaly hüjümde 2-si polisiýa gullugynyň işgäri bolan 8 adamyň şehit bolandygyny mälim etdi.

Ýyldyrym şu gün irden Diýarbakyrda aýralykçy terror guramasynyň dönük we ýigrenji ýüzüni ýene-de bir gezek görkezendigini belläp polisiýa gullugynyň duran we asuda ilatyň ýaşaýan ýerinde bomba ýüklenen ulagyň partladylandygyny habar berdi.

Hassahanada bejergi astyna alynan 100-den gowrak adamyň 93-siniň öýlerine ugradylandygyny aýdan Binali Ýyldyrym 1 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygyny belledi.

Prezident Erdogan hem partlama bilen baglanşykly maglumat almak üçin Diýarbakyr welaýatynyň häkimi Hüseýin Aksoýa jaň etdi.

Erdogan waka bilen baglanşykly degişli resmilerden maglumat aldy.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Twitter arkaly Diýarbakyr şäheriniň Baglar etrabyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Numan Kurtulmuş: “Terrora boýun egmeris.Terror guramalary bilen kimiň arabaglanşygy bar bolsa hasabyny sorarys” diýdi.

Welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýanatda hüjümiň jogapkärçiligini aýralykçy terror guramasy PKK öz üstüne alandygy mälim edildi.

Hüjümde 1 tonnadan gowrak partlaýjy maddanyň ulanylandygy anyklandy.



Degişli Habarlar