Jarablusa azyk kömegi berildi

Köşger Jarablusyň ýaşaýjylaryna kömek bermek üçin ellerinden geleni etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy

601271
Jarablusa azyk kömegi berildi
hayrat vakfı.jpg

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde terror guramasy DAIŞ-den yzyna alynan Jarablusa Haýrat ynsanperwer jemgyýeti tarapyndan azyk kömegi berildi.

Jemgyýetiň Siriýadan jogapkär wekili Muhammed Ubeýd Köşger Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Jarablusyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Köşger “500 adamlyk azyk kömegini halka paýladyk” diýdi.

Köşger Jarablusyň ýaşaýjylaryna kömek bermek üçin ellerinden geleni etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar