Gaziantepde 3 polisiýa işgärini öldüren terrorçylar tussag edildi

Gaziantepde 16-njy oktýabrda polisiýa gullugynyň 3 işgärini şehit eden terrorçylar tussag edildi

596306
Gaziantepde 3 polisiýa işgärini öldüren terrorçylar tussag edildi

Kastamonu welaýatynyň Tosýa etrabynda terror guramasy DAIŞ-e agzadygy anyklanan siriýaly 5 adam tussag edildi.

Tussag edilen siriýaly 5 terrorçynyň 16-njy oktýabrda DAIŞ-iň öýleriniň birine guralan operasiýada şehit bolan 3 polisiýa işgäriniň öldürilmekleri bilen arabaglanşyklary bardygy anyklandy.

Bitlis welaýatynda bolsa uçarmansyz howa ulagy tarapyndan anyklanan aýralykçy terror guramasy PKK agza 4 terrorçy howa hüjümleri arkaly täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şyrnak welaýatynyň Uludere Dügün Dagy sebitinde dowam edýän operasiýada 2 terrorçy öldürildi, 1 terrorçy bolsa ýaraly ýagdaýda ele salyndy.

Operasiýada şeýle hem ýarag we ok-däri ele salyndy.

Muş welaýatynda bolsa 2-si obanyň goragçysy bolan 3 adam tussag edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Diýarbakyryň Sur etrabynda geçirilen operasiýada terror guramasy bilen arabaglanşygy bardygy anyklanan 1 adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar