Türkiýäniň Prezidenti Rossiýa-1 kanalyna interwýu berdi

Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erogan Rossiýa-1 kanalynda Mihail Gusman tarapyndan alynyp barylýan Formula Wlasti gepleşigine myhman boldy

595647
Türkiýäniň Prezidenti Rossiýa-1 kanalyna interwýu berdi

Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky terrora garşy göreş etabynyň üstünde durup geçen Prezident Erdogan: “Bu sebitde terrora garşy göreşde  hormatly dostum Putiniň goldawyna zerurlygym bar. Bu ugurda Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin gerek bolan ähli ädimleri ätmäge taýardyrys” diýdi.

Akkuýu Ýadro desgasy taslamasynyň Türkiýe üçin örän wajyp taslamadygyny bellän Erdogan: “Bu babatda hem örän köp wagt ýitirdik. Maksadymyz bu taslamany iň gysga wagtda tamamlap, işletmäge başlamak. Türk Akymy taslamasy babatynda bolsa hormatly Wladimir Putiniň gatnaşmagy bilen geçirilen Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi maslahatynda pikirlerimizi beýan etdik” diýip nygtady.

Türk-rus halklaryny iň gowy ýakynlaşdyran pudagyň syýahatçylykdygyny aýdan Prezident Erdogan: “Gynansagam bu ugurda uly arakesme berldi. Geçen ýyl rus syýahatçylaryň sany lider sana golaýlapdy. Şu ýyl belkem sany boýunça nemes syýahatçylardan hem geçip bilerdi. Emma men öňümizdäki döwürde syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň artjakdygyna ynanýaryn. Şonuň bilen baglylykda garyndaşlyk gatnaşyklarymyz hem artýar” diýdi.

Häzirki wagtda Türkiýede esasan hem syýahatçylyk zolaklarynda hiç bir meseläniň ýokdugyny, howpsyzlyk babatynda ähli çäreleriň görülendigini bellän Erdogan: “Öňümizdäki döwürdede şolary ýerine ýetireris. Şol sebäpli aladalanjak bir ýagdaý ýok. Häzirki wagtda plažlarymyz howpsyz we syýahatçylara garaşýar. Diňe deňiz dynç alyşlygy däl, şol bir wagtda ynanç, medeniýet, saglyk syýahatçylygy, golf, dag syýahatçylygy ýaly ugurlarymyz hem syýahatçylara garaşýar” diýdi.
Prezident Türkiýede ähli gatlaklaryň demokratik hukuklar taýdan deňdigini we hökümetiň agzalarynyň arasynda asly kürt bolan ministrleriň hem bardygyna ünsleri çekip: “Gynansagam kürt halkyna liderlik edenler kürt halkyna ezýet berdi. Adamlary köçelere çykaryp, kürt raýatlarymyzyň ýogalmaklaryna sebäp boldy. Olar ýurdumyzda terrorçylykly hüjümler guraýarlar. Biz olara garşy göreşimizi dowam etdireris” diýip mälim etdi.

Brýusseliň Ankara garşy pozisiýasyna nägilelik bildiren Prezident Erdogan: “ÝB agzalyk etaby babatyndaky gepleşiklerimizi 1963-nji ýyldan bäri geçirip ýörüs. 53 ýyl bäri gümeýärler we entegem gümemeklerini dowam etdirýärler” diýdi.

Erdogan Siriýa krizisi bilen bilelikde dörän bosgun krizisiniň hem üstünde durup geçip: “Siriýadan we Yrakdan 3 milliondan gowrak bosgun geldi. Käbir jemgyýetçilik guramalarymyz bilen birlikde çykdjylarymyz 20 milliard dollardan geçdi. Ýewropa bize kömek bermeýär. Kömek berjekdikleri barada söz berdiler. Emma şol kömegi görmedik. Diňe BMG bize 53 million dollar kömek berdi. Türkiýe bular ýaly agyr ýüki öz egnine aldy” diýip habar berdi.

Gepleşigiň barşynda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy barada hem gürrüň beren Erdogan: “Bu wakalaryň 2-nji gününde Putin maňa jaň etdi. Telefon söhbetdeşliginde agdarlyşyk synanyşygyna garşydyklaryny we biziň tarapymyzadygyny belledi. Öz adymdan hem-de türk halkynyň adyndan şol pozisiýany ýatlap, şuny diýýärin: Sag boluň” diýdi.



Degişli Habarlar