Yşyk TRT Habar kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk Türkiýäniň, ABŞ-nyň we Yragyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy üçin üçtaraplaýyn mehanizmiň işlejekdigini habar berdi

594802
Yşyk TRT Habar kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

TRT Habar kanalyna myhman bolan Fikri Yşyk ABŞ-nyň Goranmak ministri Eşton Karteriň Türkiýä guran saparynyň üstünde durup geçdi.

Mosulyň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagy üçin dowam etdirilýän harby herekede Türkiýäniň häzirki wagtda diňe howa hüjümleri arkaly gatnaşmagynyň meselä sebäp bolmandygyny bellän Yşyk: “Öňümizdäki döwürde zerurlyk gerek bolsa Türkiýäniň has köp goldaw berjekdigini belledik. Beýleki tarapdan Yragyň, Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy üçin käbir işleri ýerine ýetirmek barada karar kabul etdik. Ýagny üçtaraplaýyn mehanizma bilen dartgynlygyň azaldylmagy, Mosul operasiýasyna Türkiýäniň gatnaşmagy bilen baglanşykly işleri bilelikde alyp bararys” diýdi.

Karteriň “Türkiýe Yrak bilen prinsipde ylalaşyk gazandy” sözleriniň üstünde durup geçen Yşyk: “Hem Prezident bilen hem-de Premýer ministr bilen bolan gepleşikleriň jikme-jikliginiň ýüze çykmagyna garaşýaryn. Ony gowy hadysa hökmünde garamak zerur” diýdi.

Fikri Yşyk Mosul operasiýasyna uçarlar arkaly goldaw berýän Türkiýäniň esasy ýörelgelerini aýan edip: “Biziň strategiýamyzyň ilkinjisi serhetlerimiziň howpsyzlygyny üpjün etmek, bu biziň ilkinji ýörelgämizdir. Ikinji DAIŞ-i ortadan aýyrmak, üçünji Türkiýede ýaşaýan myhmanlarymyzyň öz topraklarynda howpsyz ýaşamaklary üçin çäre görmek” diýdi.

Mosul operasiýasynda ediljek ýalňyş herekediň täze göçleri emele getirip biljekdigini aýdan Yşyk bu bosgun hereketiň Türkiýä dälde Ýewropa täsir ýetirjekdigini belledi.

Milli Goranmak ministri ÝPG-e garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini berdi.

ÝPG-niň kantonlary birikdirmek hyýalyna Türkiýäniň rugsat bermejekdigini aýdan Fikri Yşyk: “Bu Türkiýäniň gyzyl çyzygydyr” diýdi.



Degişli Habarlar