Hakkari welaýatynda 2 esger şehit boldy

Çaknyşykda şeýle hem 5 esger ýaralandy

593395
Hakkari welaýatynda 2 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 2 esger şehit boldy, 5 esger ýaralandy.

Çukurja etrabynyň Güwendagy diýilen ýerinde şu gün irden operasiýa geçirmek üçin harby bölümden çykan esgerler PKK-ly terrorçylar bilen çaknyşyga girdi.

Ýüze çykan çaknyşykda ilkinji kesgitlemelere görä 2 esger şehit boldy, 5 esger ýaralandy.

Ýaralanan esgerler dik uçarlar arkaly Hakkari döwlet hassahanasyna alynyp gidildi, sebitde bolsa uçarlaryň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar