Mawi Marmara krizisinden soň Ysraýyldan ministr derejesinde ilkinji sapar guraldy

Taraplar Gazada we Jeninde guruljak elektrik togy desgalaryny öz içine aljak görnüşde palestinalylaryň elektrik togy bilen üpjün edilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşdy

588855
Mawi Marmara krizisinden soň Ysraýyldan ministr derejesinde ilkinji sapar guraldy
Steinitz.jpg

Bütindünýä Energetika kongresine gatnaşmak üçin Stambula gelen Ysraýylyň Energetika ministri Ýunaw Steinitz Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak bilen duşuşdy.

Ady agzalýan duşuşyk iki taraply gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlamagyndan soň ministr derejesinde geçirlen ilkinji resmi duşuşyk boldy.

Duşuşykda gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlamagyna hoşallyk bildiren iki kärdeşiň Ysraýyldan Türkiýä tebigy gazyň eksport edilmegi meselesi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Iki kärdeş Gündogar Ortaýer deňzi oazisinde asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginde energetika pudagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Taraplar Gazada we Jeninde guruljak elektrik togy desgalaryny öz içine aljak görnüşde palestinalylaryň elektrik togy bilen üpjün edilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

 

 



Degişli Habarlar