“Türk ýaragly güýçleri hiç kimden buýruk almaz”

Erdogan Başika düşelgesindäki türk esgeriniň barlygyny krizise öwüren yrakly ýolbaşçylara berk garşylyk görkezdi

587432
“Türk ýaragly güýçleri hiç kimden buýruk almaz”

Prezident R. T. Erdogan Başika düşelgesindäki türk esgeriniň barlygyny krizise öwüren yrakly ýolbaşçylara berk garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan “türk ýaragly güýçleri hiç kimden buýruk almaz” diýdi.

Stambulda geçirlen 9-njy Ýewraziýa Yslam şurasynyň açylyş dabarasynda söz sözlän Prezident Erdogan, Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň “Başika düşelgesinde türk esgeriniň iş alyp barmagyny islemeýäris” diýen sözlerini berk tankyt etdi.

Prezident Erdogan Yragyň Premýer ministriniň geçmişde Türkiýeden Başika düşelgesiniň açylmagyny islendigini ýatlatdy.

Terror guramasy DAİŞ-e garşy guralýan operasiýa hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan gurama garşy döredilen hyzmatdaşlyga 63 ýurduň goldaw berýändigini nygtady.

Prezident Erdogan Türkiýäniň hiç kimiň topragynda, özbaşdaklygynda gözüniň ýokdygyny aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar