Adalat we ösüş partiýasynyň agzasy PKK-lylar tarapyndan öldürildi

Hyýanatçylyk bilen guralan hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

586051
Adalat we ösüş partiýasynyň agzasy PKK-lylar tarapyndan öldürildi

Wan welaýatynyň Özalp etrabynyň Adalat we ösüş partiýasynyň başygynyň orunbasary Aýdyn Muştu aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýogaldy.

Aýdyn Muştunyň ulagy düýn agşam terrorçylar tarapyndan alynmak islendi.

Ulagyny bermek islemeýän Muştu terrorçylaryň od açmagy netijesinde ýogaldy.

PKK-lylar Muştunyň ulagyny alyp, wakanyň bolan ýerinden gaçdylar.

Hyýanatçylyk bilen guralan hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

 



Degişli Habarlar