Prezident Erdogan Ýewraziýa tunelinden geçdi

Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän tunel 20-njy dekabrda açylar

585507
Prezident  Erdogan  Ýewraziýa tunelinden geçdi

Prezident R. T. Erdogan Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän we 20-njy dekabrda açyljak Ýewraziýa tunelinden geçdi.

Prezident Erdogan inženerçilik taýdan dünýäniň iň uly taslamalaryndan biri bolan tuneliň Haremdäki bölümine baryp gördi we gurluşyk işleri bilen tanyş boldy.

Prezident R. T. Erdogan Premýer ministr Binali Ýyldyrym we Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan bilen Ýewraziýa tunelinden geçdi.

Resmi ulagyny özü süren Prezident Erdogan Haremden Ýewraziýa tuneline geldi we Ýewropa kenaryna geçdi.

Prezident Erdogan Haremde eden çykyşynda “15-nji iýul gijesi şol garaňky gijäniň başdan geçirilmegine sebäp bolanlara degişli jogaby beren halkyma ynanýaryn. Men Ýenikapy ruhuna zeper ýetirmäge synanşanlara millet hökmünde dogry jogaby bermäge dowam etjekdigimize ynanýaryn. 20-njy dekabrda siziň bilen birlikde Ýewraziýa tunelini açarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar