Stambuldaky hüjüm bilen baglanşykly PKK-a agza 1 adam tussag edildi

Beýleki tarapdan bolsa partlamada ýaralanan 10 adamyň 5-si bejergilerinden soň öýlerine iberildi

584898
Stambuldaky hüjüm bilen baglanşykly PKK-a agza 1 adam tussag edildi

Stambul şäheriniň Bahçeliewler etrabynda ýerleşýän 75-nji ýyl Polisiýa merkeziniň golaýynda düýn guralan we 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan bombaly hüjüm gurandygy çak edilýän aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 1 adam Aksaraý welaýatynda tussag edildi.

Stambul welaýatynyň häkimi Wasip Şahin hüjümiň bomba ýüklenen motosikl bilen guralandygyny habar beripdi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri hüjümde ulanylan motosikliň nomerinden eýesini tapdy.

Şahsyýeti anyklanan adamyň terror guramasy PKK agzadygy mälim boldy.

Şübhe astynda bolan şol adamyň terror guramanyň Siriýedäki we Yrakdaky bazalaryna gitmek üçin Stambul şäherinden çykandygy anyklandy.

PKK-ly terrorçy ýasama resminamalar bilen gaçmaga synanyşan hem bolsa ýanyndaky 2 adam bilen birlikde Aksaraý welaýatynda tussag edildi we Stambula iberildi.

Stambulda hem partlama bilen arabaglanşygy bardygy öňe sürülýän 3 adam göz tussaglygyna alyndy.

Beýleki tarapdan bolsa partlamada ýaralanan 10 adamyň 5-si bejergilerinden soň öýlerine iberildi.



Degişli Habarlar