Günorta Koreýa birnäçe ýurtdan öň Fetullahçy terror guramasyna göz ýetirdi

Kahraman iş saparynyň çäginde Günorta Koreýanyň Mejlisiniň başlygy Çung Şi Kyn bilen duşuşdy

584744
Günorta Koreýa birnäçe ýurtdan öň Fetullahçy terror guramasyna göz ýetirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman Günorta Koreýanyň birnäçe ýurtdan öň Fetullahçy terror guramasyna göz ýetirendigini we 2013-nji ýylyň dekabr aýynda guramanyň işlerini saklandygyny aýtdy.

Terrora garşy halkara göreşiň ähmiýetine ünsi çeken Kahraman “Ady FETÖ, aýralykçy terror guramasy PKK, PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD bolsun tapawudy ýok. Terroryň dini we milleti ýokdur. Türkiýe Günorta Koreýany doganlyk ýurt hökmünde görýär we terrora garşy göreşde berýän goldawy üçin uly minnetdarlyk bildirýär” diýdi.

Ismail Kahraman Meksika, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Türkiýe we Awstralýa tarapyndan döredilen gysga ady MYKTA bolan toparyň Parlament başlyklarynyň ikinji maslahatyna gatnaşmak üçin Awstraiýanyň Hobart şäherine gitdi.

Kahraman iş saparynyň çäginde Günorta Koreýanyň Mejlisiniň başlygy Çung Şi Kyn bilen duşuşdy.

Ismail Kahraman duşuşykda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda gürrüň berdi.

Günorta Koreýanyň Mejlisiniň başlygy Çung bolsa terror guramalarynyň ýok edilmegi üçin ýurdunda degişli çäreleriň görlendigini aýtdy.

Çung Demirgazyk Koreýa bilen başdan geçirilýän ýadro dartgynlygy hakynda maglumat berdi.

Kahraman bolsa ýadro howpuna garşy göreşde Türkiýe hökmünde Günorta Koreýa goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar