Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Türkiýe 24-nji awgustda başladan Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasyny dowam etdirýär

576452
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Operasiýanyň çäginde ýene-de 13 nyşana ýok edildi.

Operasiýanyň 32-nji gününde Al Athariýa oppozisionerler tarapyndan basylyp alyndy.

Gaubisalar arkaly terror guramasy DAEŞ-iň 38 aýry ýerine 101 gezek od açyldy.

Türkiýäniň harby uçarlary DAEŞ-e degişli DŞK liniýasyny we 12 binany nyşana alyp, hüjüm guradylar.

Şu günki güne çenli terror guramasy DAEŞ-e degişli 1220 ýere 4797 gezek od açyldy.

Hyzmatdaş güýçler bolsa Zeýtinlik sebitinde bomba ýüklenen bir ulagy hatardan çykardylar.



Degişli Habarlar