Terror guramasy PKK agyr zarba salyndy

Diýarbakyr, Tunjeli we Hakkari welaýatlarynda 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

576615
Terror guramasy PKK agyr zarba salyndy

Baş ştab tarapynda berilen beýanata görä Diýarbakyryň Lije etrabynda dowam etdirilýän operasiýada 1 terrorçy, Tunjeli welaýatynyň Hozat etrabynda 1 terrorçy bolmak bilen jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mundan başgada harby çeşmelerden alynan maglumata görä Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Kelýani diýilen ýerinde guralan howa hüjümlerinde 6 terrorçy öldürildi.

4-nji awgustdan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany Ýüksekowa etabynda 41-e, Hakkaride bolsa 314-e ýetdi.



Degişli Habarlar