FETÖ/PDÝ-nyň agdarlyşyk synanşygy hakynda Germaniýaly ýolbaşçylara maglumat berildi

Wekilçilikli topar Germaniýanyň Senagatçylary konfederassiýasynyň, ylmy-barlag guramalarynyň wekilleri we parlamentarlar bilen duşuşdy

576118
FETÖ/PDÝ-nyň agdarlyşyk synanşygy hakynda Germaniýaly ýolbaşçylara maglumat berildi

Türk senagatçylary we işewür adamlary jemgyýeti Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda Germaniýaly ýolbaşçylara maglumat berdi.

Türk senagatçylary we işewür adamlary jemgyýeti hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň başdan geçirlen wakalara dogry düşünilmegi we Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň has-da güýçlendirilmegi maksady bilen paýtagt Berlinde saparda boldy.

Wekilçilikli topar saparynyň çäginde Germaniýanyň Senagatçylary konfederassiýasynyň, ylmy-barlag guramalarynyň wekilleri we parlamentarlar bilen duşuşdy.

Türk senagatçylary we işewür adamlary jemgyýetiniň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Jansen Başaran Symes ilkinji daşary ýurt saparyny Germaniýa gurandyklaryny aýtdy.

Agdarlyşyk synanşygynda türk demokratiýasynyň ýeňiş gazanandygyny ýatladan Başaran Symes, Germaniýada agdarlyşyk synanşygyndan soň emele gelen Türkiýe hakyndaky ýalňyş garaýşyň ortadan aýrylmagyny maksat edinýändiklerini belledi.

Başaran Symes saparyň çäginde Türkiýäniň başdan geçirýän ynjyk döwründe Germaniýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar taýdan möhüm duşuşyklar geçirendiklerini ýatlatdy.

Başaran Symes iş saparlarynyň Fransiýa, ABŞ, Britaniýa, Italiýa we Awstraliýa bilen dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar