Diýarbakyrda PKK-ly terrorçylara garşy guralan operasiýada 1esger şehit boldy

Operasiýada 1 esger ýaralandy

576186
Diýarbakyrda PKK-ly terrorçylara garşy guralan operasiýada 1esger şehit boldy

Diýarbakyryň Lije etrabynda PKK-ly terrorçylara garşy guralan operasiýada 1esger şehit boldy, 1 esger hem ýaralandy.

Terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýa sebäpli Lije etrabynda düýn agşam köçä çykmak gadagan edildi.

Köçä çykmak gadagançylygyndan soň Çawundur obasyndky gözleg işleriniň çäginde howpsyzlyk güýçleri terrorçylar bilen çaknyşdy.

Çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 1 esger hem ýaralandy.

Operasiýada 1 terrorçy hem öldürildi.

 



Degişli Habarlar