Gazada 100 müňden gowrak mekdep sumkasy we okuw esbaplary paýlandy

Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) Gazada okuw ýylynyň başlan gününde 100 müň okuwça okuw esbaplaryny sowgat etdi

572734
Gazada 100 müňden gowrak mekdep sumkasy we okuw esbaplary paýlandy

Gazadaky Sosial işler ministrligi AFAD bilen bilelikde alyp barýan işleriniň çäginde Türkiýeden ugradylan “Eklips” atly ikinji ynsanperwer kömek gämisi bilen ugradylan ynsanperwer kömeklerini paýlamaga dowam etdi.

AFAD-yň topary Gazada okuw ýylynyň başlan güni gazaly okuwçylara okuw esbaplaryny paýlady.

Gazaly çagalar AFAD-yň toparyny Türkiýe we Prezident R.T.Erdogana söýgi şygarlary bilen ugratdy.

Gazada ynsanperwer kömegine mätäçlik duýýanlara kömek alyp gitmek üçin Mersiniň Halkara deňiz portundan ugran “Eklips” atly ikinji gämi geçen hepde Ysraýylyň Aşdod deňiz portuna barypdy.

AFAD-yň utgaşdyryjylygynda ýüklenen gämide 2,5 müň tonna ynsanpwer kömegi bardy.



Degişli Habarlar