Türkiýe Ýewropa Geňeşiniň Parlament başlyklarynyň konferensiýasyna ýer eýeçiligini eder

Ýewropa Geňeşiniň Parlament başlyklarynyň konferensiýasy öz işini tamamlady

571967
Türkiýe Ýewropa Geňeşiniň Parlament başlyklarynyň konferensiýasyna ýer eýeçiligini eder

Türkiýe Ýewropa Geňeşiniň Parlament başlyklarynyň 2018-nji ýylda geçiriljek konferensiýasyna ýer eýeçiligini eder.

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän we şu ýyl Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirlen Ýewropa Geňeşiniň Parlament başlyklarynyň konferensiýasy öz işini tamamlady.

Konferensiýa Türkiýäniň adyndan Mejlisiň Başlygy Ismail Kahraman gatnaşdy.

Konferensiýada ýigrenje we rassisme garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Konferensiýanyň ýapylyş dabarasynda söz sözlän Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar mejlisiniň başlygy Pedro Agramunt 2018-nji geçiriljek konferensiýa Türkiýäniň ýer eýeçiligini etjekdigini aýtdy.

TBMM-niň Başlygy Ismail Kahraman hem eden minnetdarlyk çykyşynda 2018-nji ýylda konferensiýa ýer eýeçiligini etjekdikleri üçin buýsanýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar