ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisiniň beren hetden aşa beýanaty dartgynlyga sebäp boldy

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Bassyň hetden aşa beýanaty öz ýurduny kyn ýagdaýa goýdy

570470
ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisiniň beren hetden aşa beýanaty dartgynlyga sebäp boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglyna jaň etdi.

Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde Jon Kerrä Jon Bassyň täze bellenen ynamly dolandyryjylar bilen baglanşykly aýdan sözlerine reaksiýa bildirildi.

Bass bellenen ynamly dolandyryjylaryň wagtlaýyn boljakdygyna we iň gysga wagtda saýlawlaryň geçiriljekdigine ynanýandygyny aýdypdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn beren beýanatynda: “Siziň ilçileriňiz Türkiýede welaýat häkimi wezipesini dälde, adam ýaly ilçi wezipesini ýerine ýetirsin. Wena ylalaşygynyň çäginde wezipesini ýerine ýetirsin. Türkiýäniň welaýat häkimi ýaly beýanat berýänlere rugsat bermeris” diýip nägilelik bildiripdi.

Jon Kerri Çawuşoglynyň şu beren beýanatyndan soň kärdeşine jaň edipdi.



Degişli Habarlar