“Türkiýäniň Rakka garşy harby meýilnamasy ýok”

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjynyň orunbasary we Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Türkiýäniň Rakka garşy harby meýilnamasynyň bolmandygyny mälim etdi

570330
“Türkiýäniň Rakka garşy harby meýilnamasy ýok”

Halkara hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde hereket edilýändigini bellän Kalyn: “Ol liniýany DAEŞ-den dolulygyna saplamaga tutenýerlidiris” diýdi.

Ibrahim Kalyn Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň DAEŞ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy başladan Ýewfrat galkany operasiýasynyň üstünde durup geçdi.

Habertürk gazedine beýanat beren Kalyn Ýewfrat galkany operasiýasy bilen Türkiýäniň terrora garşy göreşdäki tutanýerliligini halkara jemgyýet tarapyndan görülendigini nygtap, DAEŞ-iň iň güýçli ýeri bolan Rakka şäherine garşy Türkiýäniň harby meýilnamasynyň bolmandygyny habar berdi.

Kalyn: “Münbiçiň DAEŞ-den saplanmagyna goldaw berdik. Operasiýalara gatnaşmadyk, emma goldaw berdik. Bir şertimiz bardy, PÝD ol ýere girmejekdi we ol ýerde galmajakdy. Şol şert Rakka üçin hem degişli. Häzirki wagtda biziň Rakka garşy harby meýilnanamyz ýok” diýdi.

Ibrahim Kalyn halkara hyzmatdaş güýçleriniň Al Baba garşy bolup biljek operasiýasynyň hem üstünde durup geçdi.

Haçan geçiriljekdigini aýtmady, emma Al Bab üçin giň-gerimli we ünsli bir meýilnamanyň durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Kalyn: “Bularyň üstünde işlenilýär. Prezidentimize Obamanyň eden teklibini şol çäkde ele almaly. Biz halkara hyzmatdaş güýçler bilen şol liniýany DAEŞ-den dolulygyna saplamaga tutanýerlidiris” diýdi.



Degişli Habarlar