Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygyna howa hüjümini guradylar

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin, Basýan we Kandil sebitlerine Türkiýäniň Ýaragly güýçerine degişli harby uçarlar tarapyndan guralan howa operasiýasynda jemi 13 terrorçy öldürildi

569634
Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygyna howa hüjümini guradylar

Baş ştabdan berilen beýanata görä Yragyň demirgazgyndaky Awaşin, Basýan we Kandil sebitlerine alynan maglumata esaslanyp howa hüjümi guraldy.

Awaşin-Basýan sebitinde aýralykçy terror guramasyna degişli 2 ýer nyşana alynyp, hüjüm guraldy. Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 9 terrorçy öldirildi.

Ýene-de Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan terrorçylara degişli söweş liniýasy we 1 ýarag howa hüjümleri arkaly ýok edildi. Ol ýerde hem ilkinji kesgitlemelere görä söweş liniýasyndaky 1 terrorçy bilen jemi 4 terrorçy öldürildi.

Kandil sebitinde terrorçylara degişlidigi anyklanan söweş liniýasy we terrorçylar howa operasiýasy arkaly täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar