Türk uçarlary PKK-a degişli 5 aýry ýere howa hüjümini guradylar

Bellenen wezipäni başarnykly ýerine ýetiren uçarlar howpsyz ýagdaýda baza dolanyp geldiler

569196
Türk uçarlary PKK-a degişli 5 aýry ýere howa hüjümini guradylar

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýurduň Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Daglyja diýilen ýerinde harby uçarlar bilen guralan howa hüjümlerinde sebitde anyklanan terror guramasy PKK-a degişli 5 aýry ýeri nyşana alyndy.

Aktütün-Ikiýaka daglarynyň arasyndaky 5 terrorçy ýaragly Baýraktar atly uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan guralan howa hüjümlerinde öldürildi.

Bellenen wezipäni başarnykly ýerine ýetiren uçarlar howpsyz ýagdaýda baza dolanyp geldiler.

Mundan başgada birnäçe gün ozal Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda harby uçarlar tarapyndan guralan howa hüjümlerinde 2 terrorçy, şol sebitde Baýraktar atly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde hem 2 terrorçy bolmak bilen jemi 4 PKK-ly terrorçy öldürilipdi.



Degişli Habarlar