Siriýadan atylan raketa Hataý welaýatyna düşdi

Wakada ýaralanan ýa-da ýogalan adam ýok

569506
Siriýadan atylan raketa Hataý welaýatyna düşdi

Siriýadan atylan raketa Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabyna düşdi.

Alynan maglumata görä Asada bagly güýçleriň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Jebel Ekrad we Türkmendagy sebitlerine guraýan hüjümleri dowam edýär. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerden atylan raketa Topraktutan harby bölüminiň golaýyna gaçdy.

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok. Serhetdaki harby toparlar hüjüme artykmajy bilen jogap berdiler.

 



Degişli Habarlar