Ýefrat Galkany operasiýasynda şehit bolan 3 esger Türkiýä getirildi

Şehit esgerler harby çäreden soň dogduk diýarlaryna ugradylar

568794
Ýefrat Galkany operasiýasynda şehit bolan 3 esger Türkiýä getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň Azat Siriýa goşunynyň terror guramalaryna garşy guraýan operasiýalaryna goldaw bermek maksady bilen başladan Ýefrat Galkany operasiýasynyň 17-nji gününde bolan çaknyşyklarda 1 türk tanky nyşana alyndy we wakada 3 esger şehit boldy, 1 esger hem ýaralandy.

Dik uçar bilen Türkiýä getirlen şehit esgerleriň tabydy harby çäreden soň dogduk diýarlaryna ugradylar.

Ýaralanan esger bolsa Gaziantepde bejergi alýar.

Beýleki tarapdan Azez-Jarablus gümrük geçelgesini terror guramasy DAEŞ-den saplan Azat Siriýa goşuny Kantara, Eş Şehit, Al Humran we Taşlyhüýük etrapçalarynda gözegçiligi ýola goýdy.

Türk ýaragly güýçleri Ýefrat Galkany operasiýasynyň birinji gününden bäri terrorçylara degişli 457 ýere 2032 hüjüm gurady.

 



Degişli Habarlar