NATO-nyň Baş sekretarynyň Türkiýe sapary dowam edýär

Birnäçe duşuşyklar geçiren Stoltenberg Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýulda guran hyýanatçylykly hüjüminde zeper ýeten TBMM-ne baryp gördi

568664
NATO-nyň Baş sekretarynyň Türkiýe sapary dowam edýär

NATO-nyň Baş sekretarynyň Ýens saparynyň çäginde mejlisiň başlygynyň wekili Akif Hamzaçebi bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň mejlisiň 15-nji iýuldaky hüjümlerde zeper ýeten ýerlere syn edildi.

Respublikan halk partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdarogly bilen duşuşan Stoltenberg Milletçi hereket partiýasynyň we Halklaryň demokratik partiýasynyň wekilleri bilen hem duşuşdy.

NATO-nyň Baş sekretary ondan soň bolsa Çankaýa köşgüne bardy.

Ýens Stoltenberg ol ýerde Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Stoltenberg Premýer ministr bilen duşuşanyndan soň, Daşary işler ministri mewlüt Çawuşogly gepleşikler geçirdi.

Duşuşykdan soň Stoltenberg we Çawuşogly metbugat ýygnagyny geçirdiler.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg düýn bolsa Prezident Erdogan bilen duşuşypdy.

Stoltenbergiň saparynda 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy, FETÖ/PDÝ howpy we sebitleýin meseleler gün tertibine getirilýär.



Degişli Habarlar