“PKK-a agza terrorçylar Kale Tepeden dolulygyna çykaryldy”

Žandarma güýçleriniň serkerdesi general Ýaşar Güler Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyndaky operasiýalar arkaly aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Kale Tepeden dolulygyna çykarylandygyny mälim etdi

567757
“PKK-a agza terrorçylar Kale Tepeden dolulygyna çykaryldy”

General Ýaşar Güler paýtagt Ankarada metbugat işgärleriniň Çukurjadaky operasiýa bilen baglanşykly soraglaryna jogap berdi.

Çukurjadaky aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy operasiýada örän gowy netijeleriň alynandygyny bellän Güler: “Terrorçylaryň ýerleşen ýerleri bolan Kars, Bingöl, Tunjeli, Diýarbakyr, Şyrnak we Agry welaýatlarynyň 12 aýry ýerine belli wagtlarda operasiýa geçiriler” diýdi.

Žandarma güýçleriniň serkerdesi Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Rakka şäherine garşy guramagy meýilleşdirýän operasiýa bilen baglanşykly bolsa: “Gowy edip ara alynyp maslahatlaşylmaly” diýdi.



Degişli Habarlar